Ýykylmaga däl, dik durmaga kömekleş
Adam aýtdy:
"Öňem biri "Süýji bolma – iýerler, ajy bolma – tüýkürerler" diýipdir. Okasaň, diňleseň, dünýede näme kän, akyl kän. Ata-babalarymyz özüňde bolmasa, akyly nakyldan almagy pent edipdirler. Klassyk şahyrlarymyzyň biri, megerem Magtymguly, "Tagamda tabakdaş bolma, üflis, haramhor biläni" diýipdir. Şeýle-de ol, ýalňyşmasam, "ugrama, bahylyň ýüzüni görme" diýipdir. Häzirki zaman psihologlarynyň leksiýalaryny diňleýärin, olar negatiw (ters) we toksiki (zäherli) pikirli adamlardan, pessimistlerden (göwnüçökgünlerden) gaça durmagy, hatda şeýle adam ýakyn garyndaşyň, doganyň, aýalyň ýa adamyň bolsa-da, arany açmagy, bolmanda distansiýa (aralyk) saklamagy, olaryň ruhy hassalygynyň özüňe ýokuşmagynyň öňüni almagy maslahat berýärler. Belki-de olar adam biziň ýurdumyzdaky ýaly ýagdaýa düşüp biler diýip, hiç wagt pikir eden däldirler. Saga öwrülsemem ters, zäherli ýa teýeneli söz eşidýärin, sola öwrülsemem. Fiziki dertlerinden basylyp, has uly ruhy hassalyga uçran, keseliň öňünde durup bilmez ýaly hala düşen öwnüçökgün adamlar bolsa, her hepde duşýar. "Ýüz otdan yssy", adam bir zat gürrüň berse, derdini aýtsa, diňlemän gidip hem bolmaýar. Diňleseň bolsa, bir hepde özüňem hassa bolýarsyň we zeýrenjeňlerden zeýrenip başlanyňy duýman galýarsyň. Arada bu ýagdaýdan zeýrenip, ýakyn dostlarymyň birine içimi dökjek boldum. Ol jübüsinden bir bölejik kagyz çykardy-da, onda ýazylan sözleri sesli okady: "Hudaý jaý, Ýaradan, bir ýerde bar bolsaň, maňa aýak üstünde durmaga kömek et, ýykylmasyny özüm bir zat ederin!" Men gözümi tegeländirin-dä, ol gülüp: "Bu meniň sözüm däl, başga biri aýdypdyr" diýdi. Soňundan bolsa, çynlakaý keşbe girip, "Maňa iliň zeýrenjini gürrüň berip, ýykylmaga kömek etjek bolma, ony özüm oňararyn, aýak üstünde durmaga kömek etjek zatlary aýt" diýdi."