Türme sapagy
Adam aýtdy:
"Özüm üçin gaty zerur bolsa-da, kärdeşlerime peýdasy boljak sözi eger-alla, hiç diýip-aýdasym gelmeýär. "Gaty uzakçyl däldir, şu çydap bilmän diýer, aýdar, şeýdip mugt ýerden, bitimiziň burnuny ganatman, bizem möhümimizi bitireris" diýip, garaşyp oturan intellektuallary görýärin-de, dilimiň ujyna gelen sözi dilim bilen bile dişleýärin. Öň beýle däldim, türme sapak berdi. Yzymdan gowurdak diýmäýin, bir bölek orus çörek geçiren kärdeş hem tapylmady, teýeneli, ýaňsyly gürrüňleri welin hatda türmäniň içine-de kän geldi. Üstesine, käbiri "öňki gezekki ýalňyşyňyzy gaýtalamaň, şu gezek sypdyrmaň şony" diýip, KGB-ä jaň etdi. Emma tirýek ýa geroin satyp, para alyp tutulanlaryň kärdeşleri beýle däl, başyna iş düşen pikirdeşleriniň yzyndan meniňki ýaly ýürek bulaýan sowgat däl, derman, eşik, etli konserwa geçirýärdiler. Onsoň, goşgy ýa kyssa ýazýan kim-de bolsa, hakykatda kimiň has kän intellektualdygyny özüňiz biliberiň!"