“Bäh,Tetçer aýalynam alyp gelipdir-aý”
Margaret Tetçeriň aradan çykmagy ýazyjy Nargylyç Hojageldiniň bir gürrüňini ýadyma saldy.
SSSR-iň çagşap ýören ýyllarydy. Pikirdeş ýazyjylar bolup, saçak başynda söhbet etmek, saz diňlemek gowy görýän zadymyzdy.
Nargylyç aga dutar çalardy (Ol bir gezek saz çalanda dutaryna "dawa salan" Nazarjygymyň sazanda bolmagynyň ahmaldygyny hem aýdypdy).
“Oba gitdim – diýip, Nargylyç aga bir sazy tamamlap, ikinji saza başlamazdan öň ýylgyryp gürledi. – Özüňiz bilýäňiz, Kirowda Kommunistik partiýanyň birinji sekretary meniň bile okan oglanym. Klasdaşlaryň biri çagyrdy, barsam Birinji sekretaram bar. Saçak başynda geçenleri ýatlap, hezil edip otyrdyk. Birden “Wremýa” başlady. Diktor Britaniýanyň premýer-ministri Margaret Tetçeriň Moskwa sapara gelendigini aýdýardy, ekranda samolýotyň trapyndan düşüp gelýän Tetçer görünýärdi. “Bäh,Tetçer aýalynam alyp gelipdir-aý” diýip, Kompartiýanyň birinji sekretary haýran galyp aýtdy. Agzyma ýaňy bir lukmany atypdym, tas düwnüpdim...”