Bagtsyzlaryň bagty

Adam aýtdy:

"Bagtly adamlaryň başgalaryň gybatyny etmäge eli ýetmezmiş, olar öz bagtlarynyň hözirini göremiş, gybat edýänler köplenç betbagtlarmyş. Soňky döwürde bu pikir öňümden kän çykýar. Görüp otursam, diňe bizde däl, bütin dünýede gybatdan uly dert ýok eken. Görnüşinden, adamlar bagtlylyk näme, betbagtlyk nämä, bilip bilmän, bolanja bagtlaryny hem birleriniň gybatyny edip, yzyndan gargap, ýele sowurýan ýaly. Ata-babalarymyz “It gargyşy gurda ýokmaz” diýipdirler. Işini gybat edinenler bilen işiň bolmasyn, olaryň wagty azdyr, işi kändir, ömürlerini nirede ýitirýändiklerine düşünmezler diýipdir biri. Ýene biri bolsa, eger arkaňdan tüýkürýän bolsalar, sen has öňe gidensiň, olara gaňrylyp seretme-de, jogap bermek beýle-de dursun, goý, duran ýerlerinden göwünleri hoş bolsa, şol ýerde galsynlar, hiç zady düşündirjek, subut etjek bolma diýipdir. Ýamanlyga ýagşylyk edip är boljak bolma, ýamanlyk etjek bolup, wagt ýitirmeseň bolar, esasy özüň adam ýaly, mertebäňi saklap ýaşajak bol... Alyp bolsa, akyl kän, nakyl kän, ýöne gybata gulak assaň, olara wagtyň galmaz. Ogra özüne osar, orramsam diýleni. Saňa öz gözünden seredip, sende özüni görýänlerden gaç. Gowy ýeri, özüne osýanlar saňa ne bagtyny, ne betbagtlygyny berer.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024