Unudylýan tapawut
Adam aýtdy:
“Mark Twen aç iti köçeden ýygnap, garnyny doýursaň, ol seni ýarmaýar; adam bilen itiň düýp tapawudy şunda diýipdir. Emma biz muny käte ýatdan çykarýarys we ite bermeli çöregi adama berýäris. Diňe bu hem däl, içmänkä serhoşdan beter adama, agzyndan çykýan sözlere üns bermän, arak hem berýäris.”