Bilim ministrligindäki bilim
Adam aýtdy:
“Gaýyn atam pahyr 1950-nji ýyllaryň aýagynda, student döwründe çykarylan sözlük üçin söz çöplemäge gatnaşyp, okuwyň gapdalyndan pul gazanandygyny gürrüň bererdi. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, täze elipbiýe geçilip, täze okuw kitaplary çykarylanda, türkmen-türkmen mekdepleri üçin test-synag taýýarlananda, Bilim ministrligi bizi – mekdep mugallymlaryny hem gowy ulandy. Edilen işler üçin töleg ediljek, hak beriljek diýlensoň, işiň daşyndan, çagalarymyzy wagtynda çagalar bagyndan almaga wagt tapman, tabşyrylan işleriň ählisini etdik. Sebäbi, üýşüp ýatan aýlygymyz ýokdy, praktikant gelse, her iş öwreden studentimiz üçin bäş şaýy pul berilse, gaty begenýärdik. Emma bilim ministriniň orunbasary Myratgeldi Söýegowyň edilen iş üçin töleg ediljekdigi barada beren wadalary boş çykdy. Soň eşidip otursak, türkmen-türk mekdepleri üçin taýýarlanan testler üçin-de, täze okuw kitaplary üçin hem pul geçirilipdir, emma ol serişdeler Bilim ministrliginiň ýolbaşçylarynyň düýbi deşilen jübülerine gaçypdyr.”