Siňegiň kellesi

Adam aýtdy:

“Boris Ýeltsin döwrüniň esasy oýunçylarynyň biri bolan Pawel Borodiniň bir sözüni kän ýatlaýarlar. Ol: “Bütin dünýäde deňeşdirmek üçin diňe iki sany ýurt bar – olar hiç zadyň ýok we hemme zadyň bar ýeri Ýaponiýa bilen hemme zadyň bar we hiç zadyň ýok ýeri Russiýa” diýipdir. Elbetde, men bu pikir bilen ylalaşmaýaryn, sebäbi Ýaponiýa bilen biziň ýurdumyzy hem deňeşdirip bolardy. Ýöne bu hiç kimiň kellesine gelmändir ýa-da kellesine gelenler ony daşyna çykarmaga het edip bilmändir. Belki, yzyňda bu hili beýik açyş galdyrmak üçin Pal Palyç ýaly “kyrkemjek” bolmak gerek. Rowaýata görä, ol Ýeltsine Ýakutskde hödür eden börekleriniň arkasyndan Kremliň zawhozy (hojalyk bölüminiň müdiri) bolupdyr. Öz sözlerine görä, Ýeltsin söhbetdeşlik wagtynda ondan boýunyň uzynlygyny sorapdyr. Ol: Siz menden bir santimetr we on kelle uzyn” diýip jogap berip, işe kabul edilipdir. Şeýle-de ol, “Piliň otyrýeri bolanyňdan siňegiň kellesi bol” diýen hindi pähimini gowy görüpdir. Megerem, öňki sowet ýurtlarynyň köpüsiniň esasy betbagtçylygy, 'wagtlaýyn-laý' diýip, gün-güzeran üçin siňegiň kellesi bolmak pähimine hudaýdan beter uýýan adamlaryň köp bolmagy bilen baglydyr.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024