Bolşewizm derdi
Adam aýtdy:
“Daşgyn tanyşlarym Bulat Okujawanyň 1992-nji ýylda “Stolitsa” žurnalynyň soragyna beren jogabyny paýlaşýarlar. Şonda ondan “Bulat Şalwowiç, siz biziň ýurdumyzyň iň aýylganç betbagtçylygyny nämede görýärsiňiz?” diýip sorapdyrlar. Ol bu soraga şeýle jogap beripdir: “Biziň tebigylyga garşy, tebigatyň we taryhyň ähli kanunlaryna ters gelýän jemgyýeti gurmagymyzda we özümiziň muňa düşünmezligimizde. Mundan-da beteri, bu betbagtçylygyň derejesine biziň şu wagta çenli hakyky akyl ýetirip bilmezligimizde... Biz, edil öňki bolşumyz ýaly, adam şahsyýetine hormat goýmagy başarmaýarys, onda ýaşaýşyň iň uly gymmatlygyny görmegi oňarmaýarys we bularyň ählisi biziň ganymyzda bolýança, hiç bir zat üýtgemez, bolşewizm psihologiýasy bizi we biziň çagalarymyzy heläk etmegini dowam etdirer. Gynansagam, ol gaty güýçli we ýok ediji, jany görülmedik derejede berk...” Haýp, sowet-kolonial döwrüniň türkmen döredijileriniň arasynda bolşewizimiň getiren betbagtçylygy barada ýüregindäkini aýdyp bilen beýle köp bolmady. Sebäbi, biziňki ýaly gyrak-bujak ýurtda kommunistler beýle pikirli adamlary ap-aňsat, büre tutan ýaly, yz-soruny goýman ýok edip bilýärdiler we bilýärler. Gurbannazar Ezizow “Mende özgeler ýaşaýar. Men özümi özgeleriň üsti bilen açýaryn” diýipdir. Emma ol, belki-de Annasoltan Kekilowanyň düşen gününi görensoň, bir tarapdan “Urşuň tragediýasy diňe bir adamlary maýyp etmeginde däl. Onuň syýasy taraplary bar. Ol adamlaryň ýüregini maýyp edýär” diýse-de, ikinji tarapdan, hakykatda iki tarapdan hem uly jenaýatçylyga ýol açan urşy “mukaddesleşdirmäge” synanyşyk edipdir; otuzynjy ýyllaryň goşgularyna döş gerip, bolşweikler, sowetler meselesiniň syýasy tarapyndan, medeni-ahlak tarapyndan sowlup geçip, munuň üstesine, aýdaly, Wolga ýaly uly şahyr bolmagyň oglan umydyny edipdir. Ýöne, bellemeli ýeri, G.Ezizowyň döwründe ýazylýan-bozulýan zatlara syn edip, ýagşy-ýaman pikirini aýdýan adamlar, şol sanda juwan ýaşynda gözi ganly sowet esgeriniň pidasy bolan şahyryň öz pikir, täzelik gözlegi bar ekeni. Indi pikir aýdaýyn diýip, tötänden ýa bilip, biriniň adyny tutsaň, nähili söz eşitjegiňi bilip, “...daş atmaýyn-la” diýip, içiň-daşyň bilen dymmagy dogry tapýarsyň. Sebäbi bolşewizm, ýigrenç, öç medeniýeti, Okujawanyň aýdyşy ýaly, janynyň nähili berkdigini diňe türmelerde däl, internetde hem görkezme kemini goýmady.”