Beýle tarapdaky durmuş
Adam aýtdy:
"Başga dilleriň birinde okapdym, eserde ýa biriniň aýdan sözi bolmaly: girrik, sähel zada gyzyp-sowap
duran, dawa-jenjelçi, diňe özüni bilýän we şol bir wagtda-da özüne, öz ýakynlaryna, jemgyýete uly zyýan edýän, adamlary ýanyndan gaçyrýan, adamda adamda bolan sylagy azaldýan adamlardan derrew daşlaş, bu hili adamlaryň golaýyna barma, olaryň öz edýän gep-gürrüňlerini hem, bu hili adamlar hakyndaky gybatlary hem diňleme, sebäbi olary özgertmek, ýagny terbiýelemek seniň işiň däl; bu tetelli adamlardan beýle tarapda adatdan daşary gowy, lezzetli hem asuda durmuş bar diýipdir. Her gezek bir jenjelçi, ýalan sözläp, özi ynanyp, özi aglap ýa gülüp oturan adamlary görsem, şu sözler ýadyma düşýär.”