Ýaranmak kynçylygy
Adam aýtdy:
"Ýer-ýurduny gorap ölen ildeşlerimi ýatlap, bilinýän bir gyrgynçylygyň ýyl dönüminde kiçiräk makala ýazdym. Soň eşitdim, beýleki tireleriň käbir wekilleri halamandyr: “Öz tiresini beýgeltjek bolýar” diýip, ýeňsämden gürrüň edipdir. Soň beýleki bir tiräniň ýer-ýurduny gorap gyrlan senesi geldi, ýene kiçiräk makala ýazdym. Ýene halamandyrlar: "Özüni beýgeltjek bolýar” diýipdiler.”