Samsyk oýny

Adam aýtdy:

“Mark Tweýn öýke-kinäni saklanylýan gabyna, ýagny ony saklaýan adamyň ýüregine guýuljak gabyndan, ýagny üstüne serpiljek adamlaryndan has kän zyýan ýetirýän kislota diýip atlandyrypdyr. Diýmek, uzak saklaman, ondan çaltrak dynjak bolmaly. Munuň birinji, aňsat usuly ony derrew birleriniň, ýagny öýke-kinä, gahara sebäp bolan adamyň ýa adamlaryň üstüne serpmek bolsa, ikinji usuly oýna salyp ýylgyrmak, ilki özüňe, soň beýlekilere gülüp, öz kemakyllygyňy tire-taýpa, millet, adamzat kemakyllygy hökmünde boýun alyp, egniňi gysyp oňmak bolsa gerek. Görnüşinden, birinji usuly ulanmakdan köp adam saklanjak bolýar. Sebäbi başga biriniň üstüne serpilen öýke-kine soň ol ýa-da beýleki görnüşde ýene yzyna gaýdyp gelýär, ýagny seniň öz üstüňe serpilýär. Ýöne ikinji usul hem beýle gowy däl, sebäbi sag we pikirlenip bilýän adamda gahar-gazap, öýke-kine döredýän zatlaryň sany-sajagy ýok we ol diňe gülüp, ýylgyryp, samsyk ýaly bolup, ömrüni samsyklar ýa-da ulalyp-oňalmadyk adamlar bilen, çagalar bagyndaky ýaly oýnap geçirmeli bolýar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024