Soňy görünmeýän açlyk
Adam aýtdy:
“Sowet döwründe garny doýsa, gözi doýman ulalan nesil ölüp gutarsa, soňky gelýän nesiller beýle açgöz bolmaz, gowy döwlet gurarlar diýýärdik. Emma soňkular olardanam aç, bisowat ulalmaly boldy. Sebäbi sowet döwründäki açlyk, bisowatlyk, para-peşgeş we ýalançylyk medeniýeti garaşsyzlyk diýilýäne hem böküp geçdi. Dogry, ýaşlaryň içinde garny doýan, gowy okanlar hem boldy. Ýöne olar az, akly ýeteni daşary ýurtlara gaçdy we gaçýar. Sebäbi dursalar tutuljaklaryny, ýok ediljeklerini gaty gowy bilýärler.”