Ýokary derejeli raýdaşlyk
Adam aýtdy:
“O bir ýurduň raýatlary sosial ulgamlarda öz ýurtlarynyň düşen agyr ýagdaýyna düşünjek bolýarlar. Olaryň biri “Haçanda adamlar garyp ýa-da gaty garyp bolanlarynda, olaryň durmuşa bolan garaýyşlary hem başgaça bolýar; hiç bir serişdeleri bolmansoň, ýagdaýa düşünmän, mumly ýüplük ýaly bolup, döwletiň görkezen ugruna gidýärler” diýýär. Beýlekisi muny garny doýan garybyň bolgusyz pikiri diýip atlandyrýar we “biziň ýurdumyzda döwlete iň kän garaşly bolan adamlar kimler?” diýip soraýar. Soň ol öz soragyna özi jogap berip, şeýle diýýär: "Elbetde, baýlar. Olar özlerinde bar bolan emläkleriň ählisini döwletiň elinden aldylar, hut şu sebäbe görä-de olar erkinlige tarap dyzamagyň özlerine nähili gymmat düşjekdigini gowy bilýärler. Umuman aýdanyňda, olara erkinlik gerek däl we baýlygyň kepilligi ýokardakylaryň erk-islegini mümkin boldugyça anyk çaklamak we ýerine ýetirmek bolup durýar. Ýewropanyň ähli medeniýeti jemgyýetde erkin bolmagyň diňe baýlykdan, tabynlykdan we açgözlükden ýeterlik derejede azat bolmaga baglydygyny tekrarlaýar. Emma muňa garamazdan, adaty sowet adamy muňa hiç wagt düşünmez.” Şundan soň uly jedel başlanýar. Biri muňa garşy çykýar, beýlekileri goldaýar ýa üçünji, dördünji, onunjy pikiri öňe sürýär. Emma beýleki bir ýurduň raýatlary beýle däl, belki-de has ösen, gaty aňryk giden diýsem-de bolar. Mysal üçin, olaryň biri ýüregi gysyp, sosial ulgamda, “bir zat ýazasym gelýär, ýöne näme ýazjagymy bilemok” diýiip ýazýar. Muňa hiç kim hiç zat diýmeýär ýa-da manysyz bir söz bilen jogap berýär. Belki, beýlekiler hem näme diýjeklerini bilýän däldirler. Birazdan başga biri ýene şuňa meňzeş bir zat ýazýar. Ýene hiç bir çekişme ýok... Jemgyýet diýeniň şeýle bolar, iň ýokary derejedäki deňlik, raýdaşlyk şeýle gazanylar. Ha-ha-ha!”