Duşmanyň ykrary
Adam aýtdy:
"Biri geldi-de, “sen kän goşgy ýazýarmyşyň, emma men hiç birini okamadym, barybir goşga düşünmeýärin, üstesine bir kärdeşiň halkyň ol goşgulary ykrar etmeýändigini aýtdy” diýdi. Ýylgyrdym. Sebäbi meniň goşgularymy şol halkyň iň zalym duşmany, özüne “baky beýik” diýdiren “şa şahyr” hem ykrar edipdi, sebäbi ol meniň dilsiziň sözi, gözsüziň gözüdigimi gaty gowy bilýärdi, gorkusyna iki gezek zyndana taşlap, galamymy elimden gaçyrmaga synanyşypdy, iki gezegem zyndanyň gapysyny iki eli bilen daşyndan açmaga mejbur bolupdy. Emma hiç zat diýmedim. Söze degmeýän adama söz zaýalamagyň gabahatdygyna, öz mertebäme laýyk gelmeýändigine, gijem bolsa, ahyry düşünipdim.”
15.01.2023.