Wagşylyk medeniýeti
Adam aýtdy:
“453 ýyl ozal, 1570-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda, uzaga çekmedik gabawdan soň, Iwan Groznynyň (Ioanna IV) nökerleri Nowgoroda girdi" diýip, rus kärdeşlerim onuň bu şäherde eden gyrgynçylygyny ýatlaýarlar. Iwan şol gün nökerlerine şäheri we onuň töweregindäki obalary talamagy, ýerli ilaty tutaşdyrlyk ýangyç bilen ýakmagy we garaköýük bolan adamlary heniz jan bermänkäler Wolhowa zyňmagy buýurýar. Ilatyň ýene bir bölegini, gark etmezlerinden öň, sanýanyň yzyna dakyp süýreýärler. Olaryň aýallaryny, çagalaryny bolsa, hökümdaryň buýrugy esasynda, beýik ýerden suwa zyňýarlar. Ruhanylar we monahlar bolsa, dürli kemsitmelerden soň, depelerine taýak bilen urlup, suwa taşlanýar. Wolhowa jesetden dolýar. “Adamlary öz baryny-ýoguny bermäge mejbur edip, depelerine taýak bilen urup, Wolhow derýasyna zyňdylar” diýip, Nowgorodyň sene ýazyjylary bir günde öldürilen adamlaryň sanynyň 1500-e ýeten günleriniň hem bolandygyny ýazypdyrlar. Bu Orsýetde höküm süren hökümdarlaryň başga pikirlilere garşy görýän adaty çäresi, kada öwrülen zorluk medeniýetidi. Belki, türkmen-sowet şahyrlary “ärleriň beýik ülkesi” diýip ýazanlarynda, bu gyrgynçylyklardan habarsyz bolandyrlar. Emma olaryň Gazawatda, Gökedpede bolan gyrgynçylyklary, basmaçylyk diýilýän döwürdäki gyrgynçylyklary, soň Stalin döwründäki gyrgynçylyklary, 1941-45-nji ýyllaryň urşunda, tylda bolan adam zaýaçylygyny bilmändigine, eşitmändigine ynanmak gaty kyn. Ýöne olar, samsyklyga salyp, ýamandan boýlaryny satyn alypdyrlar, bize öz ynanmaýan zatlaryny - “bagtly döwrüň çagalary” bolandygymyzy ynandyrmaga çalşypdyrlar.”