Surat

Özüne gülýän halk

Adam aýtdy:

“Paýtagtda ýaşap, bir kitapsyz öýde, ene-atasyndan bir erteki, bir nakyl ýa tapmaça eşitmän ulalýan çagalar kändi. Haýran galardym. Bir ýeriň salgysyny berjek bolsalar, Atabaýkelläň ýanynda saga sowulmaly, çepe sowulmaly diýip gürrüň ederdiler, emma Gaýgysyz Atabaýew kim, ol näme üçin atyldy, oňa näme üçin ýadygärlik dikildi, hiç zat bilmezdiler. Bu olaryň işi däldi. Onuň ýadygärligi ýykylanda hem şeýle boldy. Nedirbaý Aýtakowyň ýadygärligi aýrylanda hem tasdan hiç kimiň azaryna bolmady. Ýadymdan çykanok, bäş ýaşly gyzjagazymy gelnejemlerde goýup, işden soň mugallymlaryň ýygnagyna gitmeli boldum. Parahat 1-de ýaşaýardyk. Gelsem, gelnejem “gyzyň bizi masgara etdi” diýdi. “Näme boldy?” diýip sorasam, goňşy gelin bilen, çagalary alyp, golaýdaky ýadygärligiň ýanyna gidişlerini gürrüň berdi. “Gyzyň zol-zol “Daýza, nirä barýas?” diýip soraýar. Menem “Ho taýyk” diýip, parhsyz jogap berýän. Ýadygärligiň ýanyna baryp, “Ine, geldik” diýdim welin, gyzyň “Ýunus Emräň ýanyna getirýän ekeniň-ä, şeý diýip aýdaýmaly-da” diýdi. Ýanymdaky gelin “Ýunus Emre diýýäni kim gyz?” diýip sorady. “Ynha, şu Ýunus Emremiş” diýip, ýadygärligi görkezdim. Ol: “Biz ýaly masgara ýok, şunça ýyl ýanynda ýaşasagam, şuň Ýunus Emredigini bäş ýaşly çagadan öwrendik” diýip, gülüp hezil etdi. Soň ol muny beýleki goňşulara-da aýdyp: "Biliň gyz, şol Ýunus Emräň ýadygarligidir, ýöne Ýunus Emre kim diýseler, entegem aýdyp biljek däl” diýip güldi. Gelnejemiň bu gürrüňi ýadyma düşende, şindi-şindem ajy ýylgyrýaryn. “Bu halkyň görmeli görgüler, öz ýurdumda ýesir, ýat illerde sergezdan boljagy şol wagtdan belli eken-ä” diýýärin.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024