Adamlar we çekirtgeler
Adam aýtdy:
“Men adamlary çekirtge sürüsine deňejek däl, sebäbi olaryň içinde salyhatly, saýlanyp duranlary hem bolýar. Emma Karel Çapekde şeýleräk bir pikire gabat geldim: "Çekirtgeler tebigy betbagtçylyk, emma olar ýekelikde düýpden gorkunç däl. Bu samsyklar babatynda hem edil şeýle.” Ýatladýaryn, bu Karel Çapegiň pikiri, meniňki däl. Eger bu pikiri gaýtalap, samsyklaryň akylyny kemsiden bolsam, bagyşlasynlar.”