Içi ýananlaryň gülküsi

Adam aýtdy

“Geň galmaly zat, Irkutskde polisiýa bölüminde gynalan köp çagaly aýala 500 müň rubl öwez puluny tölejekmişler. Kirow etrap sudy 2016-njy ýylyň ýanwarynda gynalan Marina Ruzaýewanyň talap eden 1 million rublynyň ýarysynyň tölenmegini buýrupdyr. Polisiýa işgärleri ony adam öldürendigi barada görkezme bermäge mejbur etjek bolup, eline gandal urup,skameýka baglap, toga tutup, kellesine paket geýdirip, kellesine we beýleki ýerlerine urup-ýenjip, ençeme sagat gynapdyrlar. Marina adamsy bilen arz edip, özüni gynan üç ofiseriň garşysyna dört gezek jenaýat işini açdyrypdyr, ýöne ol işler her gezek, onlarça subutnamanyň bardygyna garamazdan, bihaýalyk bilen togtadylypdyr. Polisiýa işgärleri öz kärdeşlerini goramak üçin ähli galplyga ýüz urupdyr, ýöne bu gezek kagyzdaky kanun bölekleýin dabaralanyp, köp çagaly enäni gynan ofiserleriň biri 4 ýyl, beýleki ikisi 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Delilleri gaplaşdyran derňewçi bolsa, 2021-nji ýylda üç ýyl şertli tussaglyga höküm edilipdir. Haýp, enäni gynan ofiserleriň ikisi şu ýylyň tomsunda türmeden boşadylyp, mejbury zähmet çekmäge iberilipdir. Emma häkimiýetleriň başyna giden ýurdunda şunuň ýaly ýarpy adalat hem begendirýär Içi ýanan adamlar sosial mediada habar serişdelerinden alnan “Walentina Matwientko gadagan etmegi teklip etdi...."," Döwlet dumasy gadagan ediji düzedişlere sereder..."," Klişas we Ýarowaýa gadagançylygy talap edýär..."," Deputat Milonow garşy... "," Wladimir Putin talap etdi..." diýen ýaly jümleleri paýlaşyp, olar biziň DURMUŞYMYZY KYNLAŞDYRMAK ÜÇIN ÝAŞAÝARLAR’ diýen netijä gelýärler. Komment ýazanlaryň biriniň aýdyşy ýaly, polisiýa, kazylar, beýleki häkimiýet wekilleri dogrudanam bizi ýaşatmazlyk üçin göreşýär. Olaryň ömürleriniň manysy bizi ýok etmekden ybarat.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024