“Gowy” biznes
Adam aýtdy:
“Habarlarda okadym, “Danske Bank” bank kezzaplygy boýunça bildirilýän aýyplamalaryň bir punktynda günäsini boýun alypdyr, indi oňa bu günäsi üçin iki milliard dollardan gowrak jerime töletjeklermiş. Şol bir wagtda, bu bankyň eston bölüminiň üsti bilen 2007-nji ýyldan 2015-nji ýyl aralygynda 234 milliard dollar çemesi pul ýuwlupdyr. Guwanýan ýerim, ogry hökümet tarapyndan ogurlykda aýyplanýan bir ildeşim hem “halal gazanan” pullaryny şol ýerde saklaýandygyny gürrüň beripdi. Dogry, biziňkiler basybalyjy doganlardan kän yzda, ýöne içimizde gowy biznes edýänler, üstesine hiç bir sanksiýa düşmän sypýanlar az däl.”