Ene-atalar we ogullar

Adam aýtdy:

“Urşa giden oglumdan ajy habar geldi, onuň 20 ýyl görünmedik kakasy peýda boldy, döwletiň berjek öwez pulunyň ýarysyna dawa salýar” diýip, Ukrainada ýogalan rus esgeriniň ejesi žurnalistlere gürrüň berdi. Indi, ölen esgeriň ejesi bilen kakasy, Goranmak ministrliginiň ölen esger üçin berjek 12 million rublynyň üstünde kazyýetde çözülişmeli. Esgeriň biologiki atasy oglunyň ýaşan jaýyndan hem öz kanuny paýyny aljak bolýar; ejesi oňa “sen 20 ýylda bir gezek görünmediň, bir köpük aliment tölemediň, başga birine öýlenip, beýleki çagalaryň bilen ýaşadyň” diýýär. Aýtmaklaryna görä, ata-da, ene-de pul üçin däl, kanuny haklary üçin göreşýär. Ölen ýigit bolsa, ýetginjeklikden harby gullukçy bolmagy arzuw edipdir... Bu diňe bir mysal. Käte ölen ölümi ýa diri öli, bilmek kyn bolýar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024