Garaňkylygyň sebäbi
Adam aýtdy:
"Moskwa döwlet uniwersitetiniň professory Natalýa Zubarewiç aýdýar: “Biz bu garaňky döwrüň haçan tamamlanjakdygyna düşünemizok... Bu diňe sanksiýa meselesi däl, mesele adamlaryň nämeleriň bolup geçýändigine haçan düşünip başlajaklygynda. Häzirlikçe olar ähli zada göz ýumýarlar. Häzir olar: "Häkimiýetler karar etdiler, diýmek şeýle bolmaly, häkimiýetlere has gowy görünýär, olar bizden has gowy düşünýärler" diýip hasaplaýarlar.” Onuň pikiriçe, jemgyýet şeýle bolsa, mesele diňe bir ykdysadyýetde bolmaz, eýsem mesele adamlarda “sebäpler we netijeler” zynjyrynyň bolmazlygynda bolar. Olaryň sebäbi görmezliginde, aňşyrmazlygynda bolar. Bu sözler tanymal filolog Dmitriý Lihaçewiň öňräk aýdan sözlerini ýadyma saldy. Ol ýurtda bolup geçýän zatlary görmeýän adam ýa kezzapdyr, ýa-da samsyk diýipdir. Şu aralykda, “Bitewi Orsýet“ partiýasynyň maşgalany we çagalygy goramak baradaky komissiýasynyň başlygy Anna Kuznesowanyň aýtmagyna görä, dokuz aýyň jemleri boýunça çaga dogurmagyň derejesi 6,5% azalypdyr, her on nikalaşan jübüdiň ýedisi aýrylyşýar... Haýp, bu diňe Orsýetde däl, bizde hem şeýle. Adamlar nämeleriň bolup geçýändigine we bolýan zatlaryň bir sebäbiniň özlerindedigine düşünmeýärler. Düşünýänler hem bar, emma olar öz düşünýän zatlaryny aýtmaga gorkýarlar. Sebäbi ne häkimiýetleriň, ne ýönekeý adamlaryň düşünjegini bilýärler. Netijede, hemmeler düşünmezlige salýar, erbet ýazylan, erbet sahnalaşdyrylan tragiki komediýada oýunçy bolýar. Şonuň üçin bu garaňky sahna uzak saklanar, aňsat-aňsat gidesi gelmez.”