Aglanmadyk agy

Adam aýtdy:

"Tämizleýji bolup işleýärdim, sähelçe aýlygym bardy. Ýöne şol aýlygam hemişe wagtynda berilmeýärdi. Şol gezegem aýlyk gijigipdi. “Alla jan, bu günem aýlyk berilmedi, çörek pulumam ýok indi” diýip, bile işleýän joram iş ýerimizden çykan badymyza içindäki aladasyny daşyna çykardy. Sesimi çykarmadym, ýogsa “alla bardyr, bir ýerden ýetirer, bendesini hor etmez, gaýgy etme” diýesim geldi, ýöne soňky döwürde telewizora köp seredip, alladan hem göwnüm geçip ýördi. “Waý, alla jan, içimden eden dilegimi kabul edäýdiňmi?” diýip, joram birden begençli gürledi. Seretsem, ol dyzyna çöküp, ýolda ýatan 50 manady garbap alyp, töweregine garanjaklaýar. “Kimiňki, kimiňki? Kim pul ýitiren bolsa seslensin, seslensin, seslensin!” Joram bu sözleri gygyryp däl, çalaja pyşyrdap aýdýardy. Men ony goltugyndan tutup galdyrdym-da, “ýör, bu ýerden basymrak gideli” diýdim. Ol dikeldi, ýöne maňa diýýämiň diýmän, pyşyrdysyny dowam etdirdi: “Alla jan, alla jan, goýmadygyňy göterme diýensiň, bilýärin, ýöne gaty mätäç bolamsoň alýan, hiç pulum bolmansoň alýan, hiç pully hossarym hem ýok, soň bu elli manady menden üç esse edip çykarmaweri, alla jan!.. Gaty çynym bilen aýdýandyryn, çagalarym öýde aç otyr şu wagt...” Şondan soň biz ýoldaky dükana girip, çörek aldyk. Joram ol çörekleri, edil gyzyl tapan ýaly, tä öýlerine ýetýänçäk bagryna basyp, sumkasynyň daşyny sypalap, samrap gaýtdy. Ondan bäri näçe ýyl geçendir, emma dükandan çörek alsam, näme üçindir, her gezek agym tutýar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024