Zalymlaryň wezipesi

Adam aýtdy:

"Zalymyň ilkinji wezipesi, öňüni çekýän serdara mätäç bolar ýaly, adamlary hemişe haýsydyr bir dawa-jenjele çekmek bolar, eger-de ol kimdir birlerini başga, erkin pikirlilikde ýa öz hökmürowanlygyna boýun bolmazlykda güman etse, bu hili adamlary, hamala, beýleki tarapa satylmak bahanasy bilen ýok eder. Bu Platonyň aýdyp giden sözi. Ýöne adamlaryň köp bölegi iň ýönekeý, üstesine gaty ajy hakykatlara hem düşünip, olary wagtynda kabul edip bilmeýär. Diňe uruşlar däl, açlyk, horluk hem bilkastdan, adamlary garaşly, mätäç we hemişe gorkup ýaşar ýaly etmek üçin, bile-göre döredilýär. Öňräk biri şeýle açlygy döredip, üstesine çalajan ýagdaýdaky bilim, salgym ulgamlaryny hem ýykyp, halkyny neşekeş edip, bir topar ýüzük edindi. Emma ölende ol ýüzükleriň köpüsiniň hiç ýerden tapylmandygyny aýtdylar. Indi onuň işini beýlekiler, yzynda galan şägirtleri dowam etdirýärler. Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter diýipdiler.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024