Başgaparazlyk

Adam aýtdy:

"Ruslaryň bir dikdurma satirigini diňledim, ol Orsýetde rasizim, ýagny jynsparazlyk ýok diýýär. Sebäbi, ýaş satirigiň düşündirişine görä, jynsparazlyk haýsam bolsa anyk bir jynsy halamazlyk, Orsýetde bolsa hemmeler hemmeleri halamaýar. Ol bu ýagdaýy lýudizm, ýagny adamparazlyk diýip atlandyrýar. Men Orsýeti biljek däl, käte ýolum düşenem bolsa, ol ýerde kän ýaşamadym. Ýöne öz ýurdumyzda-da şeýleräk bir zatlaryň bardygyny uzak wagt bäri duýýaryn. Käbirleri muny tireparazlyk hasaplaýar, emma tire-taýpalaryň, maşgalalaryň öz içinde, dogan bilen dogan arasynda bolýan käbir zatlara seretseň, olaryň hiç bir meselede raýdaş bolup bilmezligine, bir-birini goldamazlygyna, muňa derek aýak köwmek erjelliklerine we özlerini akja jüýje edip görkezmek ussatlyklaryna seretseň, bu ýerde has başgarak bir zat barmyka diýýän.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024