Faşistleriň tarapyndaky uruş
Adam aýtdy:
"Sosial mediada käte iki setirde birki sany roman okan ýaly bolýarsyň. Şu gün biri “putinçiler ýigrimi ýyllap uruş sözüni käkälediler, haçanda ol başlanda adamlar “bä, ahyry başlandy” diýip, uludan dem aldylar, hiç kim oňa faşistleriň tarapynda bolup girendigi hakynda pikir etmedi” diýip ýazdy. Beýleki biri bolsa: “1939-njy ýylyň sentýabrynda, Ikinji jahan urşy başlanda, olaryň ata-babalary hem urşa faşistleriň tarapynda bolup giripdiler” diýip ýazdy.”