Her kimiň öz soragy bolýar
Adam aýtdy:
"Pikassonyň öýüne gelen poçtalýon "Siziň çagaňyz örän zehinli!” diýipmiş. “Siz nem üçin beýle netijä geldiňiz?” diýip, Pikasso ondan geň soranmyş “Sebäbi bu ýerde çaganyň çeken suraty kän eken” diýip, poçtalýon ýylgyrman-yşman jogap beripdir. Bu ýerde geň galasy zat ýok, arada biri Youtube wideosynyň aşagynda özüni ýeriň göbegi hasaplaýan bir şahyrdan “täze goşgy ýazmadyňmy?” diýip sorapdyr. Elbetde, ol ondan ýene bir zady, galstugyny hem sorapdyr. Sebäbi şo gezek şahyr galstugyny dakynman eken. Bu iki wakanyň arasynda kän baglanyşyk ýok, ýöne Pikasso bolsaňam, diri türkmen klassygy bolsaňam, her kim öz kellesine gelen soragy berýär.”