Surat

Biziň sadalygymyz ýa doganlarymyzyň mekirligi

Adam aýtdy:

"Gazak metbugatynyň ýazmagyna görä, gazagystanlylar çagalarynyň daşary ýurtlarda bilim almagy üçin millionlap töleg edip, gowy aldawa düşüpdirler. “Türkiey Edu” kompaniýasy kämillik ýaşyna ýetmedikleriň Türkiýäniň iň gowy uniwersitetlerine synagsyz okuwa girmeklerini teklip edipdirler. Emma ýaşlar pulsuz we okuwsyz, sözüň göni manysynda köçede galypdyr. Ýogsa ilki Gazagystanyň çar künjeginden 400 uçurym Türkiýäniň abraýly ÝOJ-laryna okuwa girmäge umyt baglapdyr. Olar kabul edilen uniwersitetlerine gelip okamaklary barada dilden ýa ýazmaça çakylyk hem alypdyrlar. Emma soň bularyň ählisiniň “aldawçylyk” bolandygy belli bolupdyr... Bu habar maňa 1990-njy ýyllaryň başynda Türkmenistandan Türkiýä okuwa gidip, ençeme aýa çeken horlukdan soň, itiň hory bolup yzyna gelen türkmenistanlylary ýatlatdy. Bir tapawudy, türkmenistanlylar wada berlen hünär mekdeplerine kabul edilipdir, emma olaryň ýat ýurtda okamagy üçin zerur bolan şertleriň hiç biri döredilmändir. Doganlyk halkyň wada beren şertleri bolmasa, ol çagalarda pul ýa-da olaryň ene-atalarynda bu ýurtda student okadara ýagdaý barmy? Eger ol adamlaryň pullary bolsa, Türkiýeden başga ýerde-de okuw jaýy, onda-da has gowy we arzan okuw jaýlary bar-a! Ozal Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmilerine esli para beren ene-atalar, çagalarynyň okuw harajatlaryny çekip bilmän, olary derrew yzlaryna gelmegini talap edipdirler. Şeýlelikde, Türkiýäniň hünär mekdeplerine okuwa giden ýaşlar köpçülikleýin yzyna gelip başlady. Muňa gahar-gazaba münen türkmen prezidenti olary aeroportdan göni harby gulluga ibermegi buýurýar. Ozal ýaşlary Türkiýäniň okuw jaýlaryndaky amatly okuwlara ýerleşdirjek diýip para alan resmiler indi, “goşuna ibermekden sypdyraly, Türkiýeden gelenini hiç kime bildirmäli” diýip, ýene olaryň ene-atalardan para alýarlar... Bu ýagdaýlaryň bir çeti ýene prezidente ýetirilýär, ol bilim ministrini, Ylymlaryň doktory bolansoň, düşewüntli ýerinden aýryp, Ylymlar akademiýasyna geçirmegi buýurýar. Onuň bu işdäki sag goly bolan resmini hem başga işe geçirýärler. Şondan soň olaryň Bilim ministrliginiň saýasynda bir sahawatçylyk guramasyny döredip, başga-da kän bikanun iş edendikleri belli bolýar we bu iş bolýança derňew işi açylýar. Olaryň işi ýarym ýyl çemesi derňelýär. Emma soň töwellaçy köpelip, özi hem türk korrupsiýasyna aýakýalaňaç girensoň, prezident olary türmä basdyrmak pikirinden el çekýär. Meniň geň galýan zadym, biz türk ýalançylygyna 1990-njy ýyllaryň başynda aldanyp, soňy bilen olaryň hammallaryna öwrülen bolsak, gazak doganlarymyz bu gapana indiden soň düşüpdir.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024