Baryny berýän intelligentsiýa

Adam aýtdy:

“Adam ilki ýaş wagtynda, ýeňsesinden eýle-beýle diýseler, ýa-da ganhor döwlet bilen tersleşse, ýaranjaňlar, has-da beteri diktatura garşy göreşen bolýanlar, göreş meýdanyny gabanyp ýa tutulmadyk aýyň derisini gaýgy edip, ýeňsesinden hapa gürrüň etseler, gybat ýaýratsalar, soňam o gybaty gazete dolap ýa dolaman özleri getirip berseler, gaty gaty görýär, gynanýar. Soň ol bu hili adamlaryň, haýsy tarapda duran bolýandygyna garamazdan, nähili haýyndygyny diňe bilenok, kän gezek görýär we köşeşýär. Olaryň hatda öz bähbitlerine, öz çagalarynyň bähbitlerine, gelejegine gezek gelende hem öz peslikleriniň üstünden ätläp, iň bolmanda bir gezejik hem adam bolup bilmejeklerine, egoizmiň, men-menligiň olary nähili agyr ýagdaýa salandygyna düşünýär we, ‘wah, pahyrlar, baryny beripdir, başga zatlary ýok eken-ä’ diýip gülýär.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024