Leningrad we Gökdepe gabawlarynyň arasyndaky baglanyşyk

Adam aýtdy:

“Peterburg kazyýeti Leningrad gabawyny genosid, bilkastdan edilen gyrgynçylyk diýen karara geldi. Sebäbi gabaw döwründe şäherde 1,093 mln adam heläk bolupdyr. Şu sebäpden kazy Leningrad gabawyny uruş jenaýaty, adamzada garşy jenaýat we SSSR-iň we Sowet Soýuzynyň halklary bolan milli we etnik toparlaryň garşysyna edilen genosid, ýagny matlaply gyrgynçylyk diýen karara geldi. Leningrad gabawy 1941-nji ýylyň 8-nji sentýabryndan 1944-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna çenli dowam etdi. Bu döwürde bolan elhençlikleri beýan etmäge söz ýok. Ýöne bu gyrgynçylyk leninçilik, stalinçilik syýasatynyň başlan gyrgynçylygynyň dowamy boldy we onuň ilkinji günäkärleri bolşewikler, ondan öňki rus basybalyjylyklary. Şeýlelikde, rus goşunlarynyň Hywany basyp alanlaryndan soň, 1873-nji ýylda, 150 ýyla golaý öň öz ýaşaýan topraklaryny goran türkmenleri we olaryň çagalaryny gyrmagy, soň Gökdepe galasynda bolan söweşde we ondan soň eden gyrgynçylygy hem genosid bolýar. Peterburgly prokuror Wiktor Melnigiň aýtmagyna görä, Leningrad gabawynda ölen adamlaryň hakykatda ozalky resmi sanyndan, 649 müň adamdan has kändigi, 1,093 million adamdan az bolmandygy anyklanypdyr. Emma biz, ilki rus basybalyjalarynyň rehimsiz gyrgynçylyklaryna uçran, soňra özlerini bolşewik, kommunist atlandyran adamlaryň eden wagşylyklaryny gören halklar rus imperiýasynyň eden jenaýatlaryny agzmaga-da gorkýarys. Has dogrusy, olar bizi henizem gorkuzyp saklamagy, nadanlykda saklamagy, öz geçmişimize we gelejegimize göz ýummaga mejbur etmegi başarýarlar. Bu olara imperiýany saklamak üçin gaty gerek. Sebäbi seniň geçmişiňe gözegçilik, kontrollyk edip bilen gelejegiňe-de gözegçilik, kontrollyk edip bilýär.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024