Alma biş, agzyma düş
Adam aýtdy:
"Öň bilmeýärdim ýa bu barada ýerden süýrenip barýan gurçugy tutup bilmän, ýagny oňa agyz urman, yzynda ylgap ýören guşjagazyň wideosyny görýänçäm pikir hem etmändirin. Dogrudanam, wideony paýlaşanyň ýazyşy ýaly, guşlar ýumurtgadan çykan wagtyndan doly uçurym bolup gidýänçä, gyzyletenelikden gowy ganat çykyp, höwürtgeden daşarda tälim berilýänçä ene-atalary tarapyndan naharlanýar. Ýöne haçanda olar özleri naharlanmaly bolanda, düşünişmezlik ýüze çykýar: sebäbi gurçugyň ýa mör-möjejigiň özi gelip, onuň agzyna girmeýär. Tersine, olar gaçýar, başyny gutarjak bolýar. Başga birlerine aw bolasy gelýän jandar ýok. Eger-de bir jandary tutup, iýjek bolsaň, munuň üçin tagalla etmeli bolýar. Ýöne bu diňe ýaş guşlaryň durmuşynda bolýan düşünişmezlikmi? Adamlarda hem şeýle bolmaýarmy? Dört-bäş, alty-ýedi ýa ondan hem köp bolup bir maşgalada ulalan çagalaryň käbiri derrew ugruny tapyp, durmuşda öz gün-güzeranyny aýlamagy öwrenýär, käbiri bolsa, elli-altmyş ýaşasa hem ene-atasyna ýapyşyp, ýa doganlaryndan aslyşyp, zeýrenip, iňirdäp ýör. Sebäbi olar, guşlarda bolşy ýaly, çöregiň agyzlaryna girmegine garaşýarlar.”