Ýazmagyň syry
Adam aýtdy:
"Goşgy ýazmak, kyssa ýazmak näme, hiç düşünip bilmezdim. Indi düşünýärin, ol öz-özüň bilen gürleşmek ekeni. Eger ozal, ýaşlykda ýa orta ýaşlarynda ýazan adam soň ýazmasyny goýsa, ol özi bilen gürleşmekden, şol bir zatlary gaýtalap ýörmekden ýadandyr. Eger adam ýazmagyny goýup bilmeýän bolsa, ol özi bilen gürleşmekden, käbir zatlary gaýtalasa-da, beýle ýadaýan däldir, tersine, akylly adam bilen gürleşen ýaly, lezzet alýandyr. Ýöne bu ýerde başga-da bir syr bar, eger adam köp okasa, täze-täze ýa-da başgaça, ozal onuň pikir etmedik tarapyndan seredilip aýdylan del pikirler bilen näçe köp tanyş bolsa, özüni hemişe örä çykan uzyn aýakly düýeler ýaly alyp barsa, gözlese, özi bilen gürleşmekden ýadamaýar. Sebäbi ol goruny täzeläp durýar, çorbanyň çorbasynyň çorbasyny içip, özüni aldajak bolýan adam bir başga, her gün başga nahar bişirinýän, ýa-da şol bir naharlary hem başgaça bişirip görýän, başgalardan öwrenýän, däliniň hem bir gepi gerek diýýän adam özi bilen näçe gürleşse-de ýadamaz, sebäbi ol her gün özünden akylly adam, düýnki düşünjesinden öňe giden nadan bilen gürleşýär.”