Syýasy ýalňyş
Adam aýtdy:
"Goňşym halk artistidi, ömrüniň ahyrky ýyllarynda iş edinip, uruş ýyllaryna düşen çagalygy, urşa gidenler, uruşdan gelenler, ulularyň öz ata-babalary, daýy-daýzalary, olaryň kim we nähili adam bolandygy barada beren gürrüňlerini kagyza geçirip, öz hasabyna, dogan-garyndaşlarynyň çagalarynyň okamagy üçin, sanlyja nusgada kiçijik kitap çykartdy. Ol bu kitaby toýda ýa beýleki kiçiräk üýşmeleňlerde getirip, garyndaşlaryna mugt paýlady, ýöne hökman okamaklaryny haýyş etdi. Şondan soň garyndaşlary, olaryň çagalary ondan gören ýerlerinde gaçyp başladylar. Sebäbi ol “kitabymy okadyňyzmy?” diýip soraýardy. Pahyr, kowidden aradan çykdy. Ýöne men käte ol kitap ýazanyna ökünip öldümikä diýýän. Ilki sowet döwründe, soň garaşsyzlyk döwründe, partiýa-hökümetiň ähli talabyna düşünip, ýalňyş goýbermän ýaşady, ýöne garyndaşlaryna kitap okatjak bolup, uly syýasy ýalňyş goýberdi.”