Basgylanýan hatyra
Adam aýtdy:
"Biz golaýda 12-nji ýanwardan 6-njy oktýabra geçirilen Hatyra günümizi belledi, sessiz, biziň kimiň basyp alandygyny, gyrandygyny agzaman belledi. Tatarystanda, däp bolşy ýaly, Hatyra günleri 12-15-nji oktýabr aralygynda bellenilýär. Şol günler, taryhy maglumatlardan görnüşine görä, 1552-nji ýylda Kazan hanlygy ýykylýar, onuň yzyndan Astrahan, Sibir, Kasimow we Krym hanlyklary Moskowiýä zor bilen birikdirilýär. Hanlygyň belli-belli toparlary şondan soňam birki ýyllap hanlygy gorap söweşýär. Ýöne netije bolmaýar. Şaýatlaryň ýazmaklaryna göräm Iwan Grozny hakyky gyrgynçylyk edýär, Kazan derýasy birnäçe günläp gyzyl gan bolup akýar. Soňra basylyp alnan döwletlerde hristianlaşdyrma, ruslaşdyrma çäreleri görülýär. Bu ýerlerde şol wagt tatarlardan başa çeremisler, erzýalar, mokşalar, udmurtlar we beýeleki halklar hem bar eken. Basybalyjylar öz eden gyrgynçylyklaryny henizem basyryp, biziň hakydamyza gözegçilik edip bilýärler, ýa buz gaty gowşak, ýa olar gaty güýçli.”