Surat

Bir suratyň ýatladan ýatlamasy

Adam aýtdy:

“Galamdaşlarymyň biriniň ogly, wagt tapsam, kiçiräk ýatlama ýazmak hyýalym bar diýsem, kakasynyň kärdeşleri bilen düşen suratyny iberipdir. Suratdakylaryň käbiriniň ady, atasynyň ady ýadymda hem bolsa, birnäçesini ýadyma salyp bilmedim. Özüm ýaly, onlarça ýyl bäri daşarda ýaşaýan kärdeşlerimiň birine hat ýazdym. Ol suraty görüp, çepden üçünjiden başga, olaryň ählisiniň at-derejelerini ýazyp iberdi. Şeýlelikde, suratyň düşülen ýeri: Ylymlyr akademiýasynyň Taryh we Dil-edebiýat institutlarynyň girelgesi. Westibýulyň üstünde. Çepden saga: Filologiýa ylymlarynyň doktory Kaýum Jumaýew; şahyr Amanmyrat Bugaýew; 3-nji adamy tanamok, 4-nji ýazyjy Akmyrat Şir, 5-nji taryh ylymlarynyň kandidaty Nazar Halymow, 6-njy filologiýa ylymlarynyň doktory Şamuhammet Gandymow, 7-nji filologiýa ylymlarynyň doktory Durdymumammet Nuralyýew... Suratdaky adamlary synlap, gazetde işlämsoň, olar bilen ol ýa-da beýleki görnüşde duşuşan, gürleşen ýerlerimi ýatlajak boldum. Olaryň birinjisi, Kaýum Jumaýew, bir ýaşuly ýazyjynyň kitabyna tankydy syn ýazamda, başga bir edebiýatçy alym bilen birleşip, "At çapanyňdan geçdik, eýeriň gaşyndan berk ýapyş“ diýen ýaly sözbaşy goýup, meniň işleýän gazetimde maňa “berk” jogap beripdi. Şonda, öň meniň tankydy synymy gazetde çap etmedik baş redaktor, “jogap ýazsaň, baş üstüne, seniň hem pikiriňi çap ederin” diýip, söz, metbugat azatlygyna tarapdar adam bolan bolupdy. Men oňa “öň, meniň makalamy çap edip, soň bu makalany çap eden bolsaň, gelşikliräk bolardy, sen çap etmäňsoň, men başga neşirde pikirimi aýtdym, jogap ýazmagy zerur hasaplamok, olar iki alym bolup, meniň eden kiçijik tankydy belliklerimiň hiç birini ýalana çykaryp bilmändir, sözbaşylary bolsa, ejizländiklerini görkezýär, olar meni haýalçyratjak bolýar, ýüzüme ýumruk salgaýar” diýip jogap berdim. Indi seredip otursam, biziň döredijilik intellegentsiýamyz, birnäçe kitabyň awtory bolan adamlar kiçijik bir tankydy syndan, başlangyç edebi tankytçydan hem gaty gorkýardy. Bu gorky Akmyrat Şir Orsýetden gelip, kitaplaryny öz ýurdunda çap etdirip başlanda-da göründi. Oňa yzyndan, eşitdirmän, “sakgalyňa näme edeýin” diýip sögýän adamlary hem görüpdim. Soň ol gümürtik ýagdaýda balkondan ýykyldy. Emma şonda onuň ýanynda duran şahyryň soň näme diýenini ýa-da bolan işi nähili düşündirenini bilemok... Iň gyrada duran tankytçy, Durdymumammet Nuralyýew hem, "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy“ atly makalasy bilen, özüne ynanmaýan ýazyjy-şahyrlarda uly başagaýlyk döredipdi. Onuň üstünden Moskwa çenli arz edip, merkezden çagyrylan tankytçylaryň gatnaşmagynda, uly edebi maslahat geçirilipdi... Onsoň, soňky bolan zatlary, garaşsyz diýilýän ýurtda ýekebara hojaýyna öwrülen açgöz, ejiz liderleri, olaryň başgaça pikirden ajaldan beter gorkuşyny, ýurduň durşuna türmä öwrülmegini geňem görüp oturmaly däl...”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024