Soňky ýyllarda okan iň gowy goşgym
Adam aýtdy:
"Ukrain lideriniň düýn, ýurduň energiýa ulgamlaryna urlan we ençeme şäheri toksuz goýan, Harkowda metrony togtadan rus zarbalaryndan soň aýdan sözleri, meger, süteme, zorluga, kemsitmä we gulçulyga garşy durýan her bir adamyň sözi bolmaly. "Siz şundan soňam biz bir halk diýip pikir edýärsiňizmi? Siz entegem bizi gorkuzaryn, döwerin, eglişige gelmäge mejbur ederin öýdýärsiňizmi? Siz hakykatdanam hiç zada düşünip bilmediňizmi? Biziň kimdigimize düşünmediňizmi? Biziň näme üçin baş goýýanymyzy, näme diýýänimizi aňlamadyňyzmy? Dodaklarymyzdan okaň: Gazsyz bolmalymy ýa sizsiz? Sizsiz. Suwsuz bolmalymy ýa sizsiz? Sizsiz. Toksuz, çyrasyz ýolmalymyz ýa sizsiz? Sizsiz. Azyksyz bolmalymy ýa sizsiz? Sizsiz. Sowuk, açlyk, garaňkylyk, teşnelik – biz üçin siziň dostlugyňyz we doganlygyňyz ýaly gorkunç we heläkçilikli däl. Ýöne taryh hemme zady ýerli-ýerinde goýar. Onsoň biziň gazymyzam, çyramyzam, azyk-suwlugymyzam bolar... we biz SIZSIZ ýaşarys!” Bu sözler soňky ýyllarda rus dilinde okan iň gowy goşgym bolsa gerek.”