Surat

Mantyksyz akyl

Adam aýtdy:

"Mantyksyz akyl egin-eşik geýmedik çyplak adama meňzeýär. O gün biriniň edip oturan uzyn we mantyksyz gürrüňiniň bir bölegini diňledim, ol ýurtda kanunyň işlemeýändigini, konstitusiýanyň ençeme gezek üýtgedilendigini we beýlekileri aýdyp, hemme kişiniň bilýän zatlaryny tekrarlaýar we adamlaryň öz haklaryny talap etmedigini, ýogsa mundan hem beter güne düşjekdiklerini ýatladýar. Täsin ýeri, ol kanunyň bir harpynyň hem işlemeýän ýerinde, eger adamlar hak-hukuklaryny talap etseler, olara hiç zat edilmejekdigini, 15 gün tussaglyk berilse, olaryň 15 gün oturyp, ol ýerden sag-aman çykjakdyklaryny ynandyrmaga çalyşýar. Emma adamlar hak-hukuklaryny talap etseler, häkimiýetleriň özlerini kanuny haklaryny talap edendikleri üçin däl-de, toslama ýa ýarym toslama aýyp tapyp, başga-başga günälerde aýyplajakdygyny, ýüzlerine durmaga bir ýa iki däl, onlarça adam tapjakdygyny, hatda öz ýakyn garyndaşlarynyň, özüniň hem özüne garşy görkezme bermäge mejbur ediljekdiklerini bilip durlar. Muny bilmez ýaly hem däl, sebäbi bu wagtal-wagtal döwlet telewideniýesinde, başga-başga adamlaryň mysalynda gaýtalanyp görkezilýän “gowy kino” öwrüldi. Emma olary haklaryny talap etmäge hyjuwlandyrjak bolýan akylly adam bu zatlary ne ýurt içinde ýaşaýarka görene, ne-de ýurt daşyna çykansoň synlana meňzeýär. Geň galsaň, geň galyp oturmaly. Ýöne, ýurt içindäkileriň ýagdaýyna düşünmegiň kyn bolmaýyşy ýaly, ýurt daşyndakylaryň ýagdaýyna düşünmek hem o diýen kyn däl, olaryň käbiri öz isleýän zadyny, ýa-da öň däl, diňe häzir özlerine gerek bolan zady talap edýärler we bu gün bolmasa ertir bu arzuwlarynyň hasyl bolmagyna umyt baglaýarlar. Aýdylyşy ýaly, umytly guş käbä ýetermiş. Belki, şeýle bolsun, adamlar haklaryny talap etsin we alyp bilsin! Başga näme diýeýin?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024