Surat

Biziň beýikligimiz

Adam aýtdy:

"Fransiýanyň Aweýron diýen ýerinde 700 ýyl ýaşan, 13-nji asyrda gurlan jaý tapylypdyr. Ol Žin (Jeanne) diýilýäniňki eken. Jaýyň iň aşakdaky gaty biraz kiçiräk gurlup, ýokarky gatlary ulaldylypdyr. Sebäbi ol wagt salgyt diňe jaýyň aşakda, ýerde eýeleýän meýdanyna tölenilýän eken. Şu sebäpden hemme kişi, jaý salynanda, şunuň ýaly “aldawçylyga” ýüz urupdyr. Jaýdan görnüşine görä, Žin degişlilikde baý adam bolupdyr, şu sebäpden ol jaýyny daşdan salypdyr. Begençli ýeri, biziň adamlarymyzyň bu hili ownuk-uşak hile-mekirlige ýüz urmak zerurlygy ýok, sebäbi ýer kän, adam az, häkimiýetler olaryň köpelmegine ýol bermeýär; üstesine, ýokardakylaryň edýän işi bilen aýdýan sözleriniň arasyndaky tapawuda hemme kişi belet bolansoň, salgytçylara, elektrik, gaz, suw töleglerini ýygnaýanlara tölemeli puluň üçden birini nagt berseň, ne çiş köýýär, ne kepap.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024