Surat

Alasamsyk meselesi

Adam aýtdy:

"Karel Çapek “Çekirtge, ýekelikde hiç bir howp salmasa-da, tebigy betbagtçylyk bolup durýar; bu alasamsyklar barada aýdylanda hem şeýle” diýipdir. Mark Twen bolsa, “Samsyk bilen hiç wagt sanaşma, ol seni öz derejesine çenli aşak çeker we tejribe bilen basar” diýipdir. “Eger samsyklar uçup bilsedi, asman edil bir aeroport ýaly bolardy.” Bu Laura Dawenportuň pikiri. Franz Kafka bolsa, “Bir samsyk bir samsyk, iki samsyk iki samsyk, on müň samsyk bolsa syýasy partiýa bolýar” diýipdir. Lou Holtzyň pikiriçe, “Hudaý çagalara, haýwanlara we samsyklara esewan bolýar”. “Ýüzlerçe akylly jemlenip, dünýäni jennete öwrüp bilenok, emma bir samsyk ony dowzaha öwrüp bilýär.” Bu Rahil Farugyň pikiri. Abhişek Leela Pandey bolsa, “Diňe samsyklar özüne ynamly, ugur-ýoluňy ýitirmek, ikirjiňlenmek üçin örän uly akyl-paýhas we bilim gerek” diýipdir. Häzirki internet mümkinçilikleri samsyklary hasam gözden düşürene meňzeýär. Umberto Ekonyň sözleri bilen aýtsak, sosial media alasamsyklaryň gününi getirdi: “Ozal diňe meýhanalarda, bir bulgur çakyrdan soň, jemgyýete hiç bir zyýan bermän gürlän bolsalar, sosial media indi alasamsyklar sürüsine söz sözlemek hukugyny eçilýär... ýöne indi olaryň söz hukugy Nobel baýragynyň eýesiniňki bilen deňeçer. Bu samsyklaryň çozuşy.” Türkmençilikde ýerini ýa wagtyny bilmän, agzyna gelenini aýdýan adamlara samsyk däl, däli hem diýýärler. Ýöne bu olaryň söz hukugyny kesmegi aňlatmaýar. “Daliniň müň gepi telek, bir gepi gerek” diýip, biziň ata-babalarymyz däliniň aýdýan zatlaryny hem diňlemegi ündäpdir. Elbetde, muny diňe wagtyň bolsa, başga işiň bolmasa we güýjüň ýetse edip bolar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024