Surat

Kezzaplaryň üstünliginiň sebäbi

Adam aýtdy:

"Wassirion Belinskiniň düşündirişine görä, ýalançy, kezzap adamlaryň düzüw adamlardan köplenç üstün çykmagynyň bir sebäbi bar: olar dogruçyl adamlara edil ýalançy-kezzaplara daran ýaly daraýarlar; düzüw adamlar bolsa kezzaplara düzüw adama çemeleşen ýaly çemeleşip, gaty uly ýalňyş goýberýärler. Bu pikir türkmeniň "Ogram özüne osar, orramsam” diýen nakylyny ýadyňa salýar. Ýöne mümkin bolsa, bu nakyly biraz üýtgedip, "Ogram özüne osar, dogram” diýsek, has ýerlikli bolardy. Gynandyrýan ýeri, ogry-jümriler özüne osup, dogry-düzüw adamlara zyýan ýetirse, düzüwler özüne osup, ýene özlerine we özi ýaly sada adamlara zyýan ýetirýärler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024