Surat

Adam gül görse

Adam aýtdy:

"Bir radiožurnalist bardy, sesi gaty gowudy. Üstesine, şahs hökmünde käbir kemislerine garamazdan, umuman alanyňda, ýurdy, il-güni üçin adalat, abadan durmuş isleýärdi. Barly agaja daş atarlar diýleni. Kän eşitdim, oňa gapdaldan nämeleri diýmediler. Tekerine taýak sokjak bolup, başga birleriniň eli bilen urjak bolup, gaty jan çeken adamlary gördüm. Belki, abraýyny gysganandyrlar, ýollaryny baglandyr, uly göwresi bilen günüň öňüni tutup, dünýälerini daraldandyr... Pahyr, ajal kimden sowlup geçipdir, birden tarpa-taýyn diýen ýaly ýogaldy. Bir-biregiň derdini bilýän, dermanyny gözleýän däl, gybat gözleýän millet öýdýän biz. Ýakyndan gatnaşyp ýörmämizsoň, näme bolanyny hem bilmän galdyk. Indi onuň özi-de ýok, eger ýörite gözläp tapmasaň, sesi-de ýok, il-günüň aladasyny edip gurnan söhbetdeşlikleri-de ýok. Emma onuň abraýyny gysganan adamlaryň hiç biri bu boşlugy doldurjak bolmaýar. Muňa derek, birlerinden duşman ýasanyp, bir-biregi ýaralajak, ýok etjek bolýan has agyzly, has bihaýa, has ikiýüzli adamlar has köpelýän ýaly. Ýa adam açylan gül görse, hökman ýoljak, öz stolunda goýjak, öz ýüzüne güldürjek bolmalymyka?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024