Peýdasyz gürrüň
Adam aýtdy:
"Elbetde, hökümetiň ýa häkimiýetleriň gazabyna duçar bolmakdan gorkman, ahyrynda bir gün ýurtdaky nogsanlyklar hakynda açyk gürrüň edip başlamak ullakan batyrlyk. Ýöne bu şol nogsanlyklary aýdýan adamlaryň olary ol ýa beýleki görnüşde düzedip başlajakdygyny, ýa-da şeýle niýetiniň bardygyny asla aňlatmaýar. Nogsanlyklar hemişe boldy we ýene bolar. Mesele olary iň az derejede, iň bolmanda öz ýalan sözüňe ýalan diýenlerinde, ýa-da geçmişde eden etmişiňe barmak çommaldanlarynda, mert durup boýun alyp bilmekde we ozaly özüňi düzedip başlamakda bolsa gerek. Ýöne bu ýerde başga-da bir mesele bar: seniň şu günki aýdýan zadyňa seni utandyrmak ýa haýalçyratmak synanyşygy bilen jogap berýän adamlaryň islegi hem seniň kemçiliksiz adam bolmagyň bolman biler. Adamlar diňe wagtlaýyn, geldi-geçer duýgular bilen ýaşaýan wagty ýurdy düzetmek barada gürrüň etmek peýdasyz bolsa gerek.”