Gerekli gep
Adam aýtdy:
"Çarlz Bukowski “Men adamlary ýigrenemok... Men diňe olar töweregimde görünmedik wagtynda özümi rahat duýýaryn” diýipdir. Bu şahyra biraz “däli” diýýärler. Bolup biler. Galyberse, bizde köplükden ýa özi ýaly adamlardan gaçarak durýan kişilere ýeňsesinden “garasöýmez”, “ýekeçanak” diýen ýaly atlary dakýarlar. Elbetde, “ýekeçanak” ýarlygy adamlaryň bir çanagyň başyna üýşüp, “gezekli çemçe” edip ýa çemçesiz nahar iýýän döwrüne degişli. Häzir adamlara nahary şeýdip iý diýseň, ör-gökden gelerler we “ýekeçanak” bolmagy höwes bilen saýlap alarlar. Eger şol bir ölçegdäki dar galyba girip, “iller ýaly” bolup galmajak bolsaň, bu hili hüjümlere taýyn bolmaly. Şol bir wagtda, ata-babalarymyz “däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek” diýipdiler. Umuman, men köneleriň her aýdan sözüni gyzyla gaplamaly diýjek däl, ýöne olaryň hatda däli aýtsa-da, gerek gepi almak, ykrar etmek pikirleri bilen doly ylalaşýaryn.”