Döwletiň döreden aýralygy
Adam aýtdy:
"Biri twitterde ýazýar: Soňky bir ýylda, bir hepde aralyk bilen ilki babamyň, soň mamamyň aradan çykandygyny eşitdim; soňky iki hepdede, biri şu gün, iki ejekämiň ajy habarlary geldi. Olaryň iň köp gaýtalan sözleri “Agtygymyzy, ýegenimizi goresimiz gelyär” bolupdyr. Bu aýralyk haçana çenli dowam etmeli?” Häzirki zamanda, özüni dünýewi, hukuk döwleti diýip atlandyrýan döwlet öz raýatlaryna şeýle sütem, şeýle agyr zulum eder diýseler, kim ynanar? Ýurt içinde açlyk, türme, kemsitme, üstesine, işiňi, okuwyňy saklajak bolsaň, ezijä alkyş aýtmaly, “şöhrat” diýip gygyrmaly. Ýurt daşynda günde gije aýralyk duýgusy bilen düşege girip, aýralyk duýgusy bilen oýanmaly. Kä gijeler gözüňe çiş kakylan ýaly, uzak gije dik oturyp, daňdan uklap galýarsyň. Derdiňi aýdara hem adam ýok. Adam bolsa-da, dost bolsa, gynanjak, duşman bolsa, begenjek. Adamlar bildirse-bildirmese, birhili, barha kän ýaraly gaplaňa meňzäp barýan ýaly...”