Surat

Talantly twit

Adam aýtdy

"Ýaşlaryň hemmesi gömük, adyny dogry ýazyp bilýänini tapsaň begenmeli zamana boldy, halk gutarýar, ynanmasaň, sosial ulgamlarda ýazýan sözlerine, sözlemlerine seret, many gözleseň, diňe gözleriň däl, dünýe çaşaran ýaly bolýar” diýýärler. Emma edil beýle-de däl eken. Şu gün bir gutlag twitini okadym. Dogry, harp ýalňyşlary bar, ýöne boýun almaly, many, medeniýet bilen onlukdan urupdyr. Ol indiki Gurbanlykda bererin diýip, 2-3 ýyl öň $1000 karz alan “dost oglan” bilen giden dostlugy pullary gynanman ýatlap, adyny tutman, twitterde bardygyny belläp, beýelekiler bilen bilelikde onuňam baýramyny gutlaýar. Elbetde, daşary ýurtlarda bir-birinden karz alyp, soň gaçyp ýören “musulmanlar” baradaky ajy hakykat soňky onýyllyklarda uly meselä öwrülmedik bolsa, bu talantly twit ýazylmazdy. Diýjek bolýanym, 101-nji derejeli zatlaryň gürrüňini edip, üns gözläp, hem öz wagtyny, hem iliň wagtyny ogurlýan suwjuk twitçileriň arasynda, kül içindäki göwher ýaly, görünmän galýanlar hem bar. Sebäbi aga-gara düşnýän adamlarda olary harpyk harmanynyň içinden gözläp oturmaga wagt ýok, suwjuk we manysyz twitleri birujundan okap oturanlar bolsa çäç näme, harpyk näme, bilip bilmeýär.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024