Uzaga giden kemakyllyk

Adam aýtdy:

"Şu gün okadym, internetde öňümden çykdy: 1535-nji ýylyň 6-njy iýulynda görnükli iňlis akyldary Tomas Mor jezalandyrylyp öldürilipdir. Ol esasy eserini "Utopiýa" diýip atlandyrypdyr. Mor, Angliýanyň ybadathanasynyň başlygy hökmünde, Genrih VIII kasam etmekden ýüz öwreni üçin, dönük diýlip, ölüm jezasyna höküm edildi. Katolik bolansoň, ol diňe papanyň häkimiýetini ykrar edýärdi. Oňa munuň üçin Londonyň ähli ýerinden süýrelip, soň dardan asylmak we jany çykmanka garnyny ýaryp, iç goşlaryny aýryp ýakmak jezasy berlipdir. Soň onuň jesedini dört bölege bölüp, şäheriň dört derwezesine çüýlemeli, kellesini bolsa london köprüsinde goýmaly edipdirler.
Emma 6-njy iýul güni irden patyşanyň rehimdarlyk edip, onuň gynalyp öldürilmegini kellesini kesip öldürmek bilen çalşyrandygyny aýdypdyrlar. Mor ýaňsylap, hudaýyň öz dostlaryny bu hili rehimdarlykdan halas etmegini diläpdir. Kellesiniň çapyljak ýerine getirenlerinde, ol türme sakçysyndan özüne ýokaryk galmaga kömek etmegini sorapdyr, aşak düşmeli bolanda özüm bir alajyny taparyn diýipdir. Ol jellada ýüzlenip, "Meniň boýnum gysgajykdyr, gowy çenen, ýogsa masgara bolarsyň” diýipdir. Soňky mütdetde bolsa, kellesini çapgy agajynda goýup, "Biraz garaş, sakgalymy ýygnaýyn, ol hiç hili dönüklik etmedi” diýipdir... Meniň pikirimçe, jeza berýänler hemişe jeza berilýänlerden ejiz we kemakyl. Ýogsa olar adamy öldürip ýa aç-hor saklap, kemsidip, maýyp-müjrüp edip, hiç hili adalat gazanyp bolmajagyna akyl ýetirerdiler.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024