Ýaşaýşyň täsinligi

Adam aýtdy:

"Orsýetde gaz pudagynyň ýene bir uly menejeri gümürtik ýagdaýda aradan çykypdyr. Peterburgyň etegindäki basseýnde jesedi tapylan gazprom resmisiniň adyna Ýuriý Woronow diýýärler. Bu ýarym ýyl içinde şol bir pudaga degişli bäşinji menejeriň ölümi bolýar. Gyşda Leonid Şulmanyň jesedi, ondan öň Aleksandr Týulkowyň jesedi tapyldy. Täsin ýeri, bu başlyklaryň ikisiniňem jesetleri şol bir şäherçede, Peterburgyň etegindäki Leninskide tapyldy diýýärler. Gazrpombankyň ozalky wise-prezidenti Wladislaw Awaýewiň, onuň aýalynyň we gyzynyň jesetleri bolsa aprelde, Moskwadaky jaýlarynda tapyldy. Biraz soň, edil şunuň ýaly ýagdaýda, Orsýetiň "Nowatek“ gaz kompaniýasynyň başlygy Sergeý Protesenýanyň, onuň aýalynyň we gyzynyň jesetleri Ispaniýada tapyldy. Arada bir tanşym durmuş gymmatlaýar, emma ýahtalar arzanlaýar, garaşylmadyk zat diýipdi. Emma indi, görnüşinden, belki-de, göreş ýitileşýändir, baýlyk basgançaklaryna ýokaryk çykan menejerleriň ömürleri hem arzanlaýan ýaly. Ýöne bellemeli ýeri, adamlar bu ýerlere bilmän barmaýarlar, bilip, uly tagalla edip barýarlar. Belki, ýaşaýşyň täsinligi hem şundadyr.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024