Imperiýa mirasy

Adam aýtdy:

“Saltykow Şedrin tas iki asyr mundan öň "Eger-de men uklap, ýüz ýyldan oýansam we häzir Orsýetde näme bolýar diýip sorasalar, “içýärler we ogurlaýarlar” diýip jogap bererdim” diýipdir. Haýp, bu häzirem şeýle. Diňe Orsýetde-de däl, içginiň “haram” diýlip yglan edilen ýurtlarynda-da yza galamaýarlar. Üstesine, rus durmuşyndaky yzagalaklyklary görmäge we aýtmaga akyl, gaýrat tapany üçin “däli” diýlip yglan edilen Petr Çaadaýewiň ykbaly Orsýetde we onuň koloniýasy bolan ýurtlarda şu güne çenli, sany belli bolmasa-da, az gaýtalanmaýar. Ýöne "däli” diýseler, belki, “dönük” diýenlerinden has ýagşydyr. Orsýetli tanyşlarymyň biri sibirli tanymal alym Dmitriý Kolkeriň, agyr näsaglygyna garamazdan, hassahanadan Moskwadaky tussaghana geçirilip, şol ýerde hem ýogalandygyny habar berdi. Ol, beýleki birnäçe kärdeşi ýaly, toslamadygy aýdylýan “dönüklik” aýyplamasynda aýyplanýardy. “Şeýle ölümler, hatda has tanymal adamlaryň ölümleri, 2005-2022-nji ýyllarda kadaly bir zada öwrüldi, 90-njy ýyllara dolanmakdan gorkýardyk, emma 1930-njy ýyllara dolanyp geldik” diýip, tanşym piter tussaghanasynda gynalan we ölmezinden öň zorlanan başga bir alymyň hem ykbalyny ýatladýar. Galan mirasyň “şwabradan” başga zat däldigini bilseler-de, köp adam imperiýa keseli bilen beterleşen arakhorlukdan we talaňçylykdan gutulmagyň pikirini edip bilmeýär, sebäbi olar azatlykdan, jogapkärçilikden gorkýar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024