Namaz howpy
Adam aýtdy:
"Ýaşym bir çene bardy, märekä barsam, o dünýäni-beýlekini ýatladyp, utandyrjak bolýan köpelýär, namaz öwrenip, metjide gatnap, dilini uzadýanlaryň dilini ýygdyrsam” diýip, her ýyl täzelenende öz ýanymdan, hiç kime aýtman karar kabul edýärin. Ýöne ýene ýyl orta boldy, emma namaz öwrenmäge başlap bilemok. Sebäbi, tanaýan namazhonlarymyň arasynda ýüpüniň üstünde odun goýup boljak adam gaty az. Geň galmaly ýeri, ol adamlaryň ýeňsesinden edilýän gürrüňlerden çen tutsaň, muny hemme kişi, ýaňy murt ýeri garalan ýaş oglanlar hem bilýär. Eger gyzyklansaň, diňleseň, namazhonlaryň käbiriniň deň-duşlarynyň olar hakynda berýän gürrüňlerini gulak eşider ýaly däl. Aýdylýan zatlaryň bary çyn däldir, myjabatdyr, öň kommunist bolanda-bolmanda-da, adam soň toba gelip biler ahyryn diýip oýlanýarsyň. Emma, eşiden zatlaryňy unudyp bilmeseň, içiňde müňkürlik ody köräp dur. Ýa-da namaz okap, il-günüň sylagyny götermän, hil bir dindar bolup, märekede ile gezek bermän gürläp başlansoňlar, ozal sesini çykarman ýören ýuwaş adamlaryň arasynda olary halamaýan köpelýär... Gepiň keltesi, eger namaz okap başlasam, ilden üýtgeşik adam bolan ýaly, menem birden märekede agzyma jaň dakylana dönmäýin, yzymdan agzysary oglanlara çenli gülmesinler diýip gorkýaryn.”