Gölä berlen akyl
Adam aýtdy:
"Her gezek ýurtdan gidýänler, başyny alyp gaçýanlar ýa bolanja zatlaryny satyp göçýänler barada habar okasam, S.Nyýazow döwründe we soňam uly wezipelerde işlän hökümet wagyzçysy Annamyrat Poladowyň bir sözi ýadyma düşýär. Ol "Edebiýat we sungat” gazetinde gurnalan nälet kompaniýalarynyň birinde, hökümet terroryndan başyny gutarmak üçin daşary ýurda gaçan kursdaşyna ýüzlenip, "akylyň bolsa, göläňe dograp ber” diýipdi. Ýöne soň hökümet döwlet eýeçiligindäki metbugatda gidenleri näletlemek kompaniýalaryny tasdan togtatdy. Men ilki olar munuň agyryňa çydaman edilýän gykylykdygyna, ýeňlen tarapyň nadaralygydyna düşündiler diýip pikir etdim. Emma soň görüp otursam, bu gidýänleriň we gitjekleriň sanynyň ýyl-ýyldan köpelmegi, hatda wagyzçylaryň öz çagalarynyň hem, heniz giç bolmanka, çykyp bilýärkäler daşary ýurtlara gaçmagy arzuw etmegi bilen bagly eken.”