Öz soňuna çykýan adamlar

Adam aýtdy:

"Häzir nähilidigini biljek däl, ýöne 1990-njy ýyllaryň başynda, häkimiýete garşy “jenaýat” edip, kanun goraýjylaryň eline düşseň, olaryň aglabasy, ikiçäk galan ýagdaýlarynda, belki-de soň ýamanlykda ýatlanmazlyk üçin, “saglygyňy aýa, saglygyňa zyýan ýetirersiň” diýip, özleriniň diýdimzor häkimiýetleriň tarapynda däldigini duýdurjak bolýardy. Olaryň pikiriçe, häkimiýetleriň eden-etdiliklerine garşy çykyp, gazanyp boljak zat ýokdy, diňe saglygyňy, belki-de ömrüňi ýitirip, yzyňda galanlary has agyr ýagdaýa salyp boljakdy. Sebäbi bu şübhe bildirip bolmajak halk tejribesidi. Ýöne soň ähli adalatsyzlygy içine salan, dyman ýa gün-güzeran üçin ähli zada kaýyl bolan adamlaryň hem saglygynyň gowy bolmaýandygy belli boldy. Kimi görseň keselli diýip, ilki obalaryna gidip gelenler gürrüň etdi. Soň şäherde-de şeýle boldy diýýärler. Elbetde, döwletde dogry-düzüw maglumat ýok ýa-da hakyky ýagdaý baradaky görkezijiler ýedi gulpuň astynda saklanýar. Bir zat diýsem, ýalňyş bolmagy mümkin. Çykyp gaýdanyma kän ýyl geçdi. Ýöne yzdan gowy habar gelenok. Resmi habarlara görä, täze-täze saglyk desgalary gurulýar, emma hakykatda iki aýlyk çagalarda hem ömür eşidilmedik keseller köpelýär, çagalar barha kän näsag dogýar, sebäbi eneleri, atalary keselli. Aýdasym gelenok, emma millet, öz ýagdaýy barada dymyp, dymmagy talap edip, öz soňuna çykmak isleýän ýaly.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024